Owaganystanda dikuçary kireýine almak

Owaganystanda dikuçary kireýine almak

Daglar ýurdy bolan Owganystanda dikuçarlara bolan islegi uçarlara garanyňda has ýokary bolýar. Olar barmasy kyn bolan ýerlerine hem barýarlar we ilkinji wajyp meseläni çözmäge ýardam edýärler.

AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy gije – gündiziň dowamynda dikuçary bron etmek boýunça oňaýly hyzmatyny döretdi. Biziň ygtyýarymyzda:

– Robinson,

– Мi,

– Airbus Eurocopter,

– Вell,

Sikorsky.

ýaly dünýä belli öndürijileriniň dürli kysymly we dürli maksatly dikuçarlary bar.

Öz isleg bildiren görnüşiňizi saýlaň we syýahata ýol alyň.

 

Dikuçary sargyt etmegiň düzgünleri

Eger-de siz Owganystanda dikuçary sargyt etmek isleseňiz, biziň kompaniýamyzyň web sahypasynda islegiňizi beýan etmek ýeterlik bolýar we:

  • uçuşyň ugry,
  • uçuşyň wagty,
  • syýahat etmegiň maksady,
  • ýolagçylaryň sany,
  • el goşuň takmynan agramy we göwrümi,
  • howa gämisiniň kysymy, eger-de ähmiýeti bar bolsa,
  • uçuşa bolan islegiňizi,
  • habarlaşmak üçin belgiňiz

ýaly maglumatlary hökman habar ediň.

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri siziň bilen habarlaşyp, dikuçarlarymyzyň iň amatly görnüşlerini teklip edýär, uçuşyň bahasyny we syýahaty jikme – jik gürleşýär.

 

Owganystanda dikuçarlary ulanmagyň maksatlary

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy:

  • başga şähere uçmak,
  • gezelenç ugurlary,
  • barmasy kyn bolan ýerlerine barmak,
  • gözleg – halas ediş çäreleri,
  • ýangyny söndürmek,
  • ýükleri we haýwanlary daşamak,
  • lukmançylyk daşamalary,
  • mahabat aksiýalaryny daşamak,
  • iş komandirowkalary,
  • meýdanlary patrul gözegçiligini etmek,
  • baýramçylyk çärelerini geçirmek,
  • gurluşyk işleri,
  • ylmy barlaglaryny geçirmek,
  • tohumlary ýa-da balyk tohumlaryny derýalara zyňmak,
  • gözlegler we howada surata almak,
  • başga-da maksatlar üçin

ýaly maksatlar üçin Owganystanda dikuçar bilen üpjün etmäge örän şat.

Owganystanyň meýdanynyň köp bölegini daglar eýeleýänligi hemme kişä mälim. Uçarlar ýörite uçuş – gonuş meýdançasy bolmadyk ýerine gonup bilenoklar, dikuçara bolsa kiçiräk oňaýly meýdança ýeterlik bolýar. Biziň howa gämilerimiz barmasy has kyn bolan ýerlerine hem barmaga mümkinçiligi bar, mysal üçin Safedhok we Siahkoh dag gerişleri, Hazarjad dag depesi, Naomid platosy, Gaudi-Zira çöketligi, Garmser we Daşti-Margo ýa-da Baktriýa düzlikleri ýaly barmasy kyn bolan ýerlerine gatnawlary amala aşyrýar.

Читайте также  {:ru}Тюнинг воздушных судов в Афгантистане{:}{:en}Aircraft Tuning in Afghanistan{:}{:fr}Personnalisation d’aéronefs en Afghanistan{:}{:it}Tuning di aeromobili in Afghanistan{:}{:pl}Tuning statków powietrznych w Afganistanie{:}{:tr}Afganistan'da hava gemilerin modifiye edilmesi{:}{:tj}Тюнинги киштиҳои ҳавопаймоӣ дар Афғонистон{:}{:tm}Owganystandaky howa gämileriniň týuningi{:}{:by}Цюнінг паветраных судоў у Афганістане{:}{:ge}საჰაერო ხომალდების ტიუნინგი ავღანეთში {:}

Owganystanda dikuçarda gezelenç turlary has hem möwç alýar. Gyzykly we meşhur ýerlere, aýratyn hem tebigy ýadygärliklere syýahat etmek üçin köp wagt sarp etmeli bolýarsyňyz we örän ýadarsyňyz. Dikuçaryň kömegi bilen siz gysga wagtyň içinde köp ajaýyplyklary görmäge ukybyňyz bolýar.

 

Dikuçary ulanmagyň bähbidi.

  • Ýurduň içinde dikuçarlaryň uçuş meýdany uçaryňka garanyňda has ýaýraň bolýar.
  • Awtoulaga garanyňda dikuçar daglarda çolaşmany, dyknyşyklarda we çatryklarda eglenmäni göni ugur bilen uçýar.
  • Owganystanda dikuçar kireýine almak hususy uçary kireýine alanyňdan arzan bolýar.
  • dikuçarda syýahat etmek – bu panorama görnüşinden uly estetiki lezzet almak we uçuşyň özi hem ünsiňi çekýän duýgy bolup durýar.
  • dikuçar ýokary tizlikde uçýar: 250 – 280 km/sag, we syýahatyňyzy çalt we netijeli edýär.
  • AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyndan dikuçary kireýine alanyňyzda ýany bilen goşmaça hyzmatlary hem buýurmak aňsat bolýar: dikuçara çenli atoulagda eltmek, dikuçaryň bortunda nahar edinmek, myhmanhanada otag bron etmek we şuňa meňzeş hyzmatlardan hem peýdalanyp bilersiňiz.
  • Dikuçarda syýahat etmek siziň baýramçylygyňyza ýa-da dabaraly çäräňize täsirli goşant bolýar.
  •  

Gezelenç etmek ugurlary

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy siziň gezelenç etmek isleýän ugryňyz boýunça dikuçary kireýine bermäge taýýar. Müşderilerimiziň ähli isleglerini hasaba alyp, standart ýa-da şahsy meýilnamaňyzy gurnap berýäris. Janly kölleri we owadan düzlikleri bolan Gindkuş dag ulgamyny synlamagy saýlaň, Kabulyň gözelliginden, täsin galdyryjy Tangi- garu jülgesinden, gaýtalanmajak gözelligi bolan Hord – Kabul goraghanasyndan, gülzarly Guldaradan lezzet alyň, Ýahdaryň golaýyndaky ybadathanalaryň galyndylaryny we goranyş desgalaryny, gadymy Maja – Mosaferi, Darra baglaryny we Pagmanede ýerleşýän mtjidi synlaň, Habibulla emiriniň köşgini we Tala – Iskanderiň ýanyndaky induist toplumynyň galyndylaryny synlamagy hem unutmaň.

Owganystanyň başga-da gezelenç etmek üçin meşhurlykdan peýdalanýan ýerleri – bu belli Salang dag geçelgesi, Top-darra budda solysynyň galyndylary, agaç ussalarynyň şäheri bolan Çarikar, ak gara meňzeş Reg – Rawan üç ýüz metr bolan çäge dýunalary, Kohi – Pahlawan baýryndaky buddaçylaryň Paitawa we Şotorak ybadathanalarynyň gazuw işlerini, Hinjan we Anderab forel derýalaryny synlaň. Panjşer dag derýasynyň jülgesinde palçykdan gurulan gaýtalanmajak obalary, Anjuman dag köli, ajaýyp Bahi – Umumi parky, Çardeha düzlikleriniň pisse tokaýlygy size garaşýar.

Читайте также  {:ru}Грузовая авиация в Афганистане{:}{:fr}Fret aérien en Afghanistan {:}{:it}Aviazione da carichi in Afghanistan{:}{:pl}Lotnictwo cargo w Afganistanie{:}{:tr}Afganistan'da kargo havacılığı{:}{:tj}Авиатсияи боркаш дар Афғонистон{:}{:tm}Owganystandaky ýük awiasiýasy{:}{:by}Грузавая авіяцыя ў Афганістане{:}{:ge}სატვირთო ავიაცია ავღანეთში{:}

Dikuçarda Nuristana gitmek bilen siz ol ýeriň ýabany tebigatyny we taryhy ýagygärliklerini, Asmaredaky köne galanyň ýerindäki forty, şalygyň köne paýtagty Gorid – Şahri – Zoragy, özboluşly ýerli obalaryny görüp bilersiňiz. Bamian welaýatynda meşhur Kafirkala gowaklar toplumy we gadymy harby galalarynyň galyndylary size garaşýar. Nangarhara gitseňiz bolsa Adda obasy, Mehtarlam şäheri, Mogolow baglary bilen tanyş bolarsyňyz.

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy, gadymy arhitekturasy bolan Gerat welaýatynyň demirgazyk – günbataryna, Haýberskiý geçelgesine, Kandagaryň gözel ýerlerine, Karez-aý-Amira, Çarikara töwereklerine we Çakardaru düzligine, Badahşan we Samangan derýalaryna uçuşy gurnaýar. Sizi gyzyklandyrýan ugry saýlan we web sahypamyzda zaýawka beriň. Size oňaýly wagty dikuçar bilen üpjün edýäris.

admin

Comments are closed.
Translate »
Яндекс.Метрика