Owganystandaky lukmançylyk gatnawlary

Owganystandaky lukmançylyk gatnawlary

Owganystandaky howa lukmançylyk daşamalary – AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň web sahypasynda islendik wagty, sargyt edip bolýan aktual hyzmaty bolup durýar. Kompaniýamyz, sizi gyzyklandyrýan ugur boýunça sanitar uçary ýa-da dikuçary bilen üpjün edýär we gatnawy ahyryna çenli gurnaýar.

Owganystanda lukmançylyk awiasiýasynyň hyzmatlary öň diňe aýratyn ýagdaýlarda peýdalanylan bolsa, häzirki döwürde islegi we serişdesi bolan her kim bu hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligine eýedir. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň web sahypasynda öz islegiňizi bidirmekýeterlik bolýar we sanitar gatnawy bron edilýär.

 

Lukmançylyk howa gämileriniň ulanylýan şertleri

Ýörite uçaryň dürli ýagdaýlarda zerurçylygy ýüze çykýar:

  • Agyr hassalary we ýatan syrkawlary daşamak üçin,
  • Heläkçilikde zyýan çekenleri bu zonadan çykarmak üçin,
  • Maýyplary we garry adamlary saglygy dikeldiş merkezlerine ýa-da kurortlara eltmek üçin,
  • Soňky möhletinde bolan göwreli aýallary hassahan dogrum üçin ugratmak,
  • Käwagt – wepat bolanyň jesedini we onuň hossarlaryny jaýlamaly ýerine eltmek.

Käwagt, hassa üçin, öz ýaşaýan ýerinde bejergi almak mümkinçiligi bolmaýar we oňa paýtagatda ýerleşýän klinika ýa-da Hytaý, BAE, Ýewropa ýurtlary ýaly daşary ýurt lukmançylyk merkezlerine gitmek zerurçylygy ýüze çykýar. Otlyda ýa-da awtoulagda gitmek örän köp wagt talap edýär we oňaýsyzlyklary hem ýüze çykýar: hassa bolsa bu ýagdaýlara çydamaýar. Bular ýaly ýagdaýlarda hususy lukmançylyk uçaryny kireýine almak ýerlikli bolýar. Ol sizi, gerekli bolan nokadyna ýokary tizlikde we rahatlykda eltýär.

 

Sanitar gatnawlarynyň aýratynlyklary

Owganystanda sanitar gatnawyny sargyt etmek bilen hassanyň gerekli nokadyna ýokary tizlikde we saglygy üçin zyýansyz ýagdaýda geljegine siziň ynamyňyz bolýar. Lukmançylyk uçary adaty uçaryndan düýpgöter üýtgeşik bolýar: onuň salonynda hassahana otagy hatda reanimasiýa hem bolýar. Mundan başga-da bu ýeri intensiw terapiýa blogy, howa gämisiniň bortunda  gyzgynlygyň we howanyň basyşynyň gerekli bolan görkezijilerini saklaýan ulgamy, syrkawyň ýaşaýşa bolan ukybyny saklamak üçin gerekli bolan ähli enjamlary bilen üpjün edilen.

Читайте также  {:ru}Аэропорты в Афганистане{:}{:en}Afghanistan’s Airports{:}{:fr}Aéroports en Afghanistan{:}{:it}Aeroporti di Afghanistan{:}{:pl}Lotniska Afganistanu{:}{:tr}Afganistan’ın havaalanları{:}{:tj}Фурудгоҳҳои Афғонистон{:}{:tm}Owganystanyň howa menzilleri{:}{:by}Аэрапорты Афганістана{:}{:ge}ავღანეთის აეროპორტები{:}

Lukmançylyk gatnawy elmydama, reanimatolog, kardiolog, newrolog ýaly gerekli hünär lukmany bilen bilelikde amala aşyrylýar. Uçaryň bortuna şepagat uýasyny ýa-da hassa seretjek adamy hem çagyrylýar. Sanitar topary, hassany howa gämisine çenli ýörite awtoulagynda, birahatlygy duzmaz ýaly aýawly eltýär we howa gämisiniň salonyna gäçirýär. Syrkawy hereketsiz ýagdaýynda hassahana eltmek zerurçylygy ýüze çykan ýagdaýynda hem ony berjaý etmek üçin ähli şertleri bolýar. Bular ýaly gatnawlaryň uçarmanlary ýörite okuwy okap, turbulentlik zolagyndan we başga-da silkme sebäplerinden gaça durmaga çalyşýarlar.

 

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hyzmatlary

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Owaganystanda lukmançylyk “ähli oňaýlyklary bolan” gatnawyny gurnamaga taýýar:

  • Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda gerekli bolan klinika bilen şertnama baglaşmaga ýardam edýäris,
  • Bejergi üçin resminamalary resmileşdirýäris,
  • Uçaryň iň oňaýly bolan kysymyny saýlaýarys,
  • Howa menziline çenli reanimasion awtoulagynda eltýäris,
  • Gatnawa, gerekli hünari bolan lukmany çagyrýarys,
  • Uçuş wagtynda gerekli bolan derman serişdeleri we enjamlary bilen üpjün edýäris,
  • Bellenen nokadynda öňüňizden çykyp, klinika eltýäris,
  • Ýany bilen barýan adamlaryň hem aladasyny edýäris (ýaşamaga ýeri, iýmiti, lukmanlaryň maslahatlary).

Käwagt uçary hassa üçin däl-de, eýýam jaýlamaly ýerine eltmeli bolan jesedi üçin sargyt edýärler. Munuň üçin hem aýratyn howa gämisi gerek bolýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hünärmenleri wepat bolanyň hossarlarynyň hiç hili resmiçiligi alada etmäni, asuda ýagdaýynda öz däp-dessurlaryny berjay edip merhumy soňky ýoluna ugratmak üçin jaýlamak prosesini gurnamagyň aladasyny edýär.

 

Lukmançylyk dikuçarlary

Owganystanyň tutýan meýdanynyň köp bölegi daglyk ýer bolansoň, bu ýerde dikuçara bolan isleg ýokary bolýar. Ýörite, hassalary daşamak üçin kysymlary hem bar. Bularyň hem edil uçaryňky ýaly ähli üpjünçiligi bolup, jetlardan ýeke bir tapawudy dikuçarlar barmasy kyn we has uzak ýerlerine hem barmak ukybyna eýedir. Hut şonuň üçin hem heläkçilik bolan ýagdaýynda ejir çekenleri halas etmek üçin dikuçar ulanylýar.

Читайте также  {:ru}Тюнинг воздушных судов в Афгантистане{:}{:en}Aircraft Tuning in Afghanistan{:}{:fr}Personnalisation d’aéronefs en Afghanistan{:}{:it}Tuning di aeromobili in Afghanistan{:}{:pl}Tuning statków powietrznych w Afganistanie{:}{:tr}Afganistan'da hava gemilerin modifiye edilmesi{:}{:tj}Тюнинги киштиҳои ҳавопаймоӣ дар Афғонистон{:}{:tm}Owganystandaky howa gämileriniň týuningi{:}{:by}Цюнінг паветраных судоў у Афганістане{:}{:ge}საჰაერო ხომალდების ტიუნინგი ავღანეთში {:}

Ýaşaýan ýeriňiz uzak, golaýda howa menzili hem ýok bolan ýagdaýynda AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy sizi dikuçar bilen üpjün edýär. Dikuçara bolsa gonmak üçin kiçi meýdança hem ýeterlik bolýar. Bortunda hassahana otagy bolan dikuçary syrkawy alyp gidýär we göni bejeriş nokadyna eltýär, mümkinçiligi bolan ýagdaýynga hut klinikanyň binasynyň depesine hem gonýar. Biz islendik kyn ýagdaýyndan hem çykalga tapýarys!

 

Owganystanda lukmançylyk howa gämisini sargyt etmegiň düzgünleri

Owganystanda lukmançylyk howa gämisini sargyt etmek üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň web sahypasynda zaýawka beriň ýa-da kompaniýamyzyň jogapkär işgäri bilen oňaýly görnüşinde habarlaşyň we:

  • gatnawyň ugry,
  • klinikanyň salgysy,
  • hassanyň keselini we ýagdaýy,
  • bejergi berýän lukmanyň maslahaty,
  • uçuä wagty we senesi,
  • ýany bilen barýan adamyny,
  • gerek bolan goşmaça hyzmatlary,
  • habarlaşmak üçin belgi,

ýaly maglumatlaryňyzy habar ediň.

Kompaniýamyzyň jogapkär işgäri gatnawyň bahasyny hasaplap sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap berer. Lukmançylyk dikuçaryny sanagyly pursatda kireýine almak mümkin.

Uçary kireýine almagyň bahasynyň gymmatdygy hiç kim üçin hem syr däl, ýöne saglykdan gymmatly zat barmyka? Eger ýaşamak üçin mümkinçilik bar bolsa, nähili baha durýan hem bolsa ondan hökman peýdalanmaly. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň hünärmenleri wagtyň her bir sekundynyň wajypdygyna düşünýärler we islendik wagty gyssagly sargytlary kabul edýärler. Habar bereniňizden soňra juda bolmanda üç sagadyň dowamynda sizi uçar bilen üpjün etmäge mümkinçiligimiz bolýar. Emma size öňünden habar etseňiz oňaýly bolýar, sebäbi syrkawyň özüni  ýokary derejede rahat duýmagy we ruhy taýdan syýahat etmäge taýýar bolmak üçin şertlerini döretmäge wagtymyz bolýar.

Başga-da soraglaryňyz ýüze çyksa AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýamyzyň müşderileri bilen habarlaşmak üçin telefon belgisine jaň edip ýüz tutup bilersiňiz. Owganystandaky lukmançylyk awiasiýasy siziň hyzmatlaryňyza hemişe taýýar!

admin

Comments are closed.
Translate »
Яндекс.Метрика