Owganystandaky ýük awiasiýasy

Owganystandaky ýük awiasiýasy

Sizi Owganystandaky howa ýük daşamagy gyzyklandyrýan bolsa, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy “gulp astynda” islendik çylşyrymly gatnawyny gurnamak mümkinçiligine eýedir. Kompaniýamyzyň web sahypasynda gysga wagtyň içinde howa gämisini sargyt edip bilersiňiz.

Uçar bilen ýükleri eltip bermek üçin dürli ýagdaýlarda zerurçylyk ýüze çykýar, aýratyn hem gyssagly ugratmaly resminamalar, materiallar ýa-da çalt zaýalanýan azyk önümleri, haýwanlar, ösümlikler, güller barada gürrüň edilýän bolsa. Bular ýaly ýagdaýlar ýüze çykanda AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy size ýardam etmäge hemişe taýýar. Biz uzak aradan resmileşdirilen sargyt boýunça hem gatnawy bilen üpjün edýäris. Howa gämisi gerekli ugur boýunça münüp-düşmek nokady bolmadyk ugurda uçýar.

 

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň daşaýan ýükleri

2010-njy ýyldan bäri AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Owganystanda iş alyp barýar we biziň kärdeşlerimiz, daşaýan ýüklerimiziň arasynda esasan:

– awtoulag we beýleki ulag serişdelerine degişli bolan ätiýaçlyk şaýlary,

– agregatlar, ýagny mehanizmleriň toplumy,

– kompýuterleri we orgtehnika,

– enjamlary, apparatlary we dürli niýetlendirmesi bolan armatura,

– mebel, sungat eseri,

– gurluşyk we bezeg materiallary,

– hojalyk harytlary we elektronika,

– gymmatbaha resminamalary we harytlary, antikwariant,

– çalt zaýalanýan azyk önümleri,

– öý haýwanlary, şol sanda mallary hem,

– derman-därileri we gündelik ulanylýan himiýa serişdeleri,

– howply maddalary we ýangyç materiallaryny (gadagan edileninden başgalaryny),

– dürli maksatly uly göwrümli ýükleri

ýaly harytlary meşhurlykdan peýdalanýandygyny bilýärler.

Biz şular ýaly ähli görnüşli ýükleri bilen iş alyp barýarys we bu sanawyň arasynda bolmadyk başga-da görnüşlerini görüp çykmaga taýýar. Emma AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy, ýarag, zyýanly himiki maddalary we şuňa meňzeş daşamagy gadagan edilen zatlary daşamaýar.

 

Ýük gatnawyny sargyt etmegiň usuly

Читайте также  Новые горизонты Somon Air

Eger- de size Owganystanda ýüki howa ýoly bilen eltmek zerurçylygy ýüze çyksa AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň web sahypasyna talapnama bermek oňaýly bolýar. Ol talapnamada şulary görkeziň:

  • bellenen uçuş howa menzilini (ýa-da dikuçarlary üçin heliport),
  • uçuşyň wagtyny,
  • ýükiň häsiýetlerini,
  • ýüküň takmynan agramyny we göwrümin,
  • gyssaglygyny we gymmatyny,
  • gatnawa bolan islegiňizi,
  • aragatnaşyk maglumatlaryny görkeziň.

Kompaniýanyň jogapkär işgäri siziň islegiňizi görüp çykyp, nyrhyny size habar edýär we gatnawyň aýratynlyklary barada jikme – jik gürrüň edýär.

Owganystanyň içinde köp ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrylmaýar. Bu ýagdaýda bolsa iň amatly görnüşi ýük daşaýan dikuçary bolup durýar. Ol daglara, suwly ýerlerine, ýagny gonmak üçin meýdany bar bolan islendik ýerine uçmaga taýýar bolýar. Bu käbir derejede ýagdaýy aňsatlaşdyrýar. Ýük daşamak üçin dikuçar sargyt etmek isleýändigiňiz barada habar beriň we AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy gerekli kysymyny saýlap size bu babatda ýardam edýär.

 

Howa ýük gatnawynyň gurnalmagy

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy gatnawyň guramaçylyk işleriniň ählisini soňuna çenli öz üstüne alýar:

 standart bolmadyk ugurlar boýunça hem gatnawlara rugsat alýarys,

  • gatnaw üçin zerur bolan resminamalary taýýarlaýarys,
  • ýükleri, müşderiniň islegine görä ätiýaçlandyrýarys,
  • ýükleri bölüp gaplaýarys,
  • howa menziline çenli awtoulagda eltýäris,
  • bortdaky, howanyň gyzgynlygy, ýagtylyk, çyglylyk barada alada edýäris,
  • ýükleri bellenen nokadynda öňünden çykyp garşy alýarys,
  • ammarda saklamak üçin ýer bilen üpjün edýäris ýa-da görkezilen salgy boýunça eltýäris,
  • daşynyň gabyny aýyrýarys we jemleýäris,
  • arassa maliýe hasabyny görkezýäris.

Müşderimize howa ýük gatnawyny sargamak ýeterlik bolýar, AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy ähli işleri özi ýerine ýetirýär.

 

Resminamalary doldurmak we ätiýaçlandyrmak

Ýük ugratmakda resminamalary doldurmak – ünsi we ýokary jogapkärçiligi talap edýän möhüm döwür bolup durýar. Ýalňyşlara ýol berilse gatnawy ret etmek we hatda howa menzilinde ýükiňizi hökümet haýryna konfiskasiýa etmekleri hem mümkin. Hut şonuň üçin hem AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynda bular ýaly soraglar babatynda gümrük we awiasiýa hukukçylary iş alyp barýarlar. Biziň bilen, siz, ýüküň ýany bilen ýöredilýän resminamalarynyň dogry ýerine ýetirilýändigine, gerek bolan kepilnamalarynyň, sertifikatlaryň we rugsatlaryň alynandygyna arkaýyn bolup bilersiňiz.

Читайте также  {:ru}Аренда вертолета в Афганистане{:}{:fr}Location d’hélicoptères en Afghanistan{:}{:it}Noleggio elicottero in Afghanistan{:}{:pl}Wynajem helikoptera w Afganistanie{:}{:tr}Afganistan'da helikopter kiralama{:}{:tj}Иҷораи чархбол дар Афғонистон{:}{:tm}Owaganystanda dikuçary kireýine almak{:}{:by}Арэнда верталёта ў Афганістане{:}{:ge}შვეულმფრენის იჯარა ავღანეთში{:}

Ýene-de bir möhüm zatlaryň biri – ýüki ätiýaçlandyrmak bolup durýar. Biziň sizi üpjün etjek bu hyzmatymyz, hökmany bolup durmaýar. Eger-de siz ýükiňiziň abat saklanmagyny, şikeslenmegini, ýitmegini ýa-da ogurlanmagyny alada etseňiz ätiýaçlandyrma siziň rahatlygyňyzyň kepili bolup durýar. Owganystanda 8 ýyl iş tejribämizde bular ýaly gaýgyly wakalar ýüze çykmady. Emma isleg bildirseňiz biz size ynamdar kompaniýany salgy berip bilýäris we köp töwekgelçiligiňize kepil geçjek şertnamany düzüp bilýäris.

Owganystanda howa ýük gatnawlary – aýratyn hem söwda-da peýdaly bolan, gündelik meselelerini çözmäge ýardam edýän döwrebap netijeli hyzmaty bolup durýar. Biz ýeke bir fiziki şahslary bilen iş alyp barmany, eýsem hukuk şahslary bilen hem hyzmatdaşlygy alyp baryp, gatnaw üçin islendik ugurlaryny görüp çykýarys. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy iş awiasiýasy dünýäsinde siziň ynamdar hyzmatdaşyňyza öwrülip, goýlan maksatlaryňyza dessin ýetmäge ýardam edýär

admin

Comments are closed.
Translate »
Яндекс.Метрика