Owganystanyň howa menzilleri

Owganystanyň howa menzilleri

Owganystanda “Kabul”, “Kandagar”,”Mazari-Şarif” ýaly iri howa menzilleriniň ýigrimi sanysy halka artykmaçlygy bilen hyzmat edýär. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynda kireýine alynan hususy uçary bilen siz ýurduň islendik howa menzilinden uçup bilersiňiz. Ýurduň çäginden daşary uçmaga isleg bildirseňiz, halkara mertebesine eýe bolan howa menzilleriden amala aşyrylýar.

 

Kabul

Kabulyň howa menzili – ýurduň öňki prezidenti, Hamid Karzaýiň, adyny göterýän iň uly howa menzili hasaplanylýar. Bu halkara derejesine eýe bolan, bilelikde ulanylýan howa menzili 1970 ýylda ulanyşa berilýär. Bu ýerde uzynlygy 3500 metr, asfalt – beton örtügi bolan uçuş – gonuş meýdançasy bar. Onuň kontinentara uly howa gämilerini we ýük uçarlaryny kabul etmäge mümkinçiligi bar.

Kabul howa menzilinde Аriana Afghan Airlines we Каm Air ýaly ýurduň öňdebaryjy howa kompaniýalary iş alyp barýarlar. Bu howa menzilinden Ankara, Moskwa, Dubaý, Stambul, Tegeran, Deli, Duşanbe, Islamabad, Jidda, Frankfurt-na-Maýne, Alma-Ata, Kuweýt, Dohu, Gerad, Maari-Şerif, Peşawar, Urumçi ýaly şäherlerine göni uçup bilersiňiz. Bahreýn, Dubaý, Siýalkot ýaly şäherlerine bolsa ýük gatnawlary hem amala aşyrylýar.

Emma köp ugurlar boýunça wagtly-wagtyna we çarter gatnawlarynyň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bu ýagdaýlarda bolsa iş awiasiýasy hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň, Kabul howa menzilinden ýurduň islendik şäherine we dünýäniň ähli künjegine hem münüp-düşmesiz bolan gatnawyny gurnamak mümkinçiligi bar.

 

Kandagar

Owganystanyň ýene-de uly howa menzilleriniň biri hasaplanylýan “Kandagar” howa menzili, adybir şäherinden on bäş kilometrda ýerleşýär. Ol hem halkara derejesine eýe bolup ýurduň çäginden daşary birnäçe gatnawlary amala aşyrýar. Onuň uçuş – gonuş zolagynyň uzynlygy 2500 metr bolup, uly howa gämilerini kabul etmäge mümkinçiligi ýok we şol sebäpli bärden uçuş ugurlary çäklendirilen.

Читайте также  Беспилотные авиасистемы для грузоперевозок: оценка разработок (часть 2)

Bu howa çatrygy XX asyryň 50 – nji ýyllarynda, Orta Günbatardan Aziýanyň günortasyna uçýan uçarlaryna ýangyç guýmak nokady hökmünde gurulan. Reaktiw howa gämileriniň peýda bolmagy bilen bular ýaly hyzmata zerurçylyk bolmady. Owganystanda uruş wagtynda bu howa menziline hem zeper ýetdi. Soňra, uzak wagt dikeldiş işleri alnyp baryldy we häzirki döwürde adaty iş režimynda işläp, raýatlary we harby gatnawlaryny amala aşyrýar.

 

Mazari-Şarif

Owganystanyň halkara derejesine eýe bolan ýene-de uly howa menzilleriniň biri hasaplanylýan bu howa menzili Mazari-Şarif şäherinden dokuz kilometrda ýerleşýär. Ol harby we raýatlary daşamak maksady bilen ýurduň içinde we daşyna wagtly-wagtynda birnäçe gatnawlaryny amala aşyrýar.

Bu ýerde uzynlygy 3158 metr bolan bir sany asfaltdan uçuş – gonuş meýdany bolup, uly howa gämilerini we dikuçarlaryň dürli kysymlaryny kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu howa menzili XX asyryň 50 – nji ýyllarynda ulanyşa berilen. Öňki ýagdaýlarda bolşy ýaly, bu howa menziliniň gurluşynda hem sowet inženerlery işjeň gatnaşdylar. 

Häzirki wagtda “Mazari-Şarif” howa menzilinden Gerat, Kabul, Tegeran, Stambul ýaly şäherlerine gatnawlary ýola goýulan. Howa menziliniň ýurduň uly howa menzilleriniň hataryna degişlidigini hasaba alsak gatnawlaryň sany juda az bolýar. Howa gatnawlarynyň ýetmezçilik edýän ugurlarynda AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz. Biziň kompaniýamyzyň müşderileri münip-düşmesiz, gerekli ugurda, ähli rahatlyklary bolan uçuşlary amala aşyryp bilerler.

Owganystanyň ýene-de abraýly howa menzilleriniň biri, golaýda gurulan “Gazni” howa menzili hasaplanylýar.  Ol ýakyn wagtda ulanyşa berilmäge meýilleşdirilýär. Bu howa menzilinde hem içerki hem ýurduň daşyndan çägine gatnawlary amala aşyrylmagy garaşylýar.

 

Owganystanyň içerki howa menzilleri

Ýurduň uly howa menzilleri Gerat, Jelaabat we Kunduz ýaly şäherlerinde ýerleşýär. Bu howa menzillerinden ýurduň içinde gatnawlary amala aşyrylýar. Kiçiräk howä derwezeleri Bamian, Host, Farah, Laşkargah, Darwaz, Feýzabad, Hawan, Talokan, Maýmana, Kala-i-Hau, Tarin Kowt, Zaranj, Şighan ýaly şäherlerinde ýerleşýär. Köp ilatly nokatlarynda bolsa dikuçar meýdançalary nar.

Читайте также  {:ru}Грузовая авиация в Афганистане{:}{:fr}Fret aérien en Afghanistan {:}{:it}Aviazione da carichi in Afghanistan{:}{:pl}Lotnictwo cargo w Afganistanie{:}{:tr}Afganistan'da kargo havacılığı{:}{:tj}Авиатсияи боркаш дар Афғонистон{:}{:tm}Owganystandaky ýük awiasiýasy{:}{:by}Грузавая авіяцыя ў Афганістане{:}{:ge}სატვირთო ავიაცია ავღანეთში{:}

Ýurduň çäginde uçuşlary amala aşyrmak isleseňiz, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna ýurduň içindäki islendik howa menzilinden hususy howa gämisini sargyt edip bilersiňiz. Howa kompaniýasynda gerekli bolan gatnawy ýok bolan ýagdaýynda biznes-jeti sargyt etmek, wagtynyň gadyryny we rahatlygy makul bilýän adamlar üçin  iň amatly çözgit bolup durýar. Käwagt bolsa, daglara we barmasy kyn bolan ýerlere syýahat etmek üçin ýeketäk çykalga – dikuçar bolup durýar. Dikuçary kireýine almak gerekli maksadyňyza ýetmegiň iň çalt görnüşidir.

Belli bir howa menzilinden uçary ýa-da dikuçary sargyt etmek üçin, kompaniýamyzyň web sahypasynda bron eden wagtyňyz, howa gämisiniň adyny görkezmek ýeterlik bolýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy howa menziline ýa-da dikuçar meýdanyna çenli awtoulagy bilen üpjün edýar we syýahatyň guramaçylyk işleriniň ählisini hem öz üstüne alýar.

admin

Comments are closed.
Translate »
Яндекс.Метрика